- garyn
- 11) Iýmit siňdiriş trubkasynyň ýolynyň iň giň bölegi.∙ Egnimiz ýyrtyk däl, garnymyz aç däl, garaz nätjek, hiçbir zada mätäç däl.∙ Men çagalaryň garynlaryny nahardan doýurup bilýärin, emma başga edip biljek işim ýok.∙ Garny doka bela ýok. (Nakyl)∙ Garny dokuň maly tükel. (Nakyl)∙ Sen nany ýaly çekilipdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Sen nany iýip, garnyň üstünde şänik döwler ýaly edersiň. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)2) Şol organyň içi arassalanyp içine gowurma, çig et salnan görnüşi, ine içine ýagly gawurma dykylan garyn.∙ Bu garny hem Meret Aga saňa toý paý iberdi -- diýip, Halnazar baýa eltip berdi! (B. Kerbababýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.Meselem garyn - garny.◊ garny gowzamak — Açlygyňy duýup başlamak, ajykmak.∙ Garny ýasy baýyň gepine gidip, özüm ýaly garybyň kakan göwresinde gan almak üçin göteremok. (B. Kerbabaýew, Aýgyly ädim)∙ Ana burny ýemiş, gözleri çukur, garny ýasy etlek bir söwdegär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ garny ýazmak — İýmitden pugta doýmak.◊ garyn otarmak — Iýip içmek, naharlanmak.∙ Dok möjekler gaba garyn çekendir, tire-tarapkeşlik tohmun ekendir.2Könelişen söz 36 ýyla barabar bolan wagt.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.